
«Türkmennebit» döwlet konserni, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýe kadalaryny, maşgala gymmatlygyny wagyz etmek, raýatlaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramagyň düzgünlerini düşündirmek maksady bilen maslahat geçirildi.
Çäräniň dowamynda Içeri işler ministrliginiň düzümleriniň wekilleri ýurdumyzda sagdyn durmuşyň döwlet syýasatynda ileri tutulyşy, onuň halk köpçüliginiň arasynda giň goldaw tapyşy, bedenterbiýäniň ähli ýaşdaky adamlaryň arasynda köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygy, sport bilen meşgullanmak üçin Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we ähli welaýatlarymyzda doly mümkinçilikler döredilen döwrebap sport toplumlarynyň gurlandygy, zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýaramaz täsiri, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berk berjaý etmek, olaryň raýatlarymyzyň durmuşynda ähmiýeti barada durmuş wakalary, hadysalary bilen baglanyşdyryp gürrüň berdiler.
Maslahatda beýleki hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň çykyşlarynda milli kanunçylygyň gönüden-göni hukuk bozulmalar, jenaýatçylykly hereketler bilen baglanyşykly ugurlary, ynsan ömründe duş gelýän esasy ýalňyşlyklar, onuň adamyň geljegine ýetirýän ýaramaz täsiri, döwlet gullukçysynyň etikasy, korrupsiýa hereketlerinden ägä bolmak, hukuklar, azatlyklar bilen bir hatarda hukuk bozulmasyny amala aşyran adam babatynda degişli jogapkärçiligiň göz öňünde tutulýandygy beýan edildi.
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti