Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatda ýangyç-energetika pudagynyň geljegi we ösüşi ara alnyp maslahatlaşylar
12.03.2025

19-njy martda Aşgabatda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygynyň orny” atly halkara maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 10-njy martda DIM-niň binasynda geçirilen brifingde aýtdy.

Duşuşyga Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, milli hem-de daşary ýurt KHBS-iň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Bu çäräniň işiniň Merkezi we Günorta Aziýadaky energetika, ulag hem-de infrastruktura taslamalarynyň geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti, TOPH gaz geçirijisi, TOP ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynyň orny we ähmiýeti, Merkezi we Günorta Aziýa sebitleriň ulag arabaglanyşygy, şeýle hem bu sebitlerde ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine maliýe institutlarynyň gatnaşmagy ýaly mowzuklara gönükdirilmegi meýilleşdirilýär.

Brifing 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Hökümetiniň halkara guramalary bilen bilelikde geçirjek halkara çärelerine bagyşlandy.

Brifingiň dowamynda şu ýylyň mart aýynda geçiriljek halkara derejesindäki has möhüm duşuşyklar barada habar berildi.

Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti