Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi
10.03.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 105,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,4 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 102,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 110,6 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 125,3 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Şeýle hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,2 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi