
7-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda geçen iki aýda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli käbir beýleki meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmagyň kabul edilýän kanunlara baglydygyny aýdyp, ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň geçen iki aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamak üçin netijeli işleri alyp barmagyň, ministrlikleriň, pudak edaralarynyň önümçilik meýilnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň möhümdigini nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegi, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmagy, pudaga häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda, ýokary hilli geçirmegiň, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda zerur işleri dowam etdirmegiň, ýazky bag ekmek möwsümine gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda senagat pudaklaryny ösdürmegiň, täze, döwrebap kärhanalaryň işini ýola goýmagyň, himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegi üçin degişli çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini artdyrmak, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek, şu ýyl ýurdumyzda ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygynyň ýokary hilli alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Wise-premýer hasabatyny dowam edip, şu ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde gurlan keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän zawodyň açylyş dabarasyny geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklary we ilatymyzy ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün etmäge möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyp, wise-premýere Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Bäherden» keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň önümçilik kärhanalarynyň kuwwatyny doly peýdalanmagyň, bazarlarda we söwda nokatlarynda azyk önümleriniň, halkyň sarp edýän harytlarynyň üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Dokma senagaty kärhanalarynda öndürilýän önümleriň möçberini, görnüşlerini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak, hususy telekeçiligi ösdürmek boýunça netijeli işleri amala aşyrmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, kitaphanalarda, muzeýlerde, beýleki medeni ojaklarda işleri döwrebap guramagyň, şunda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň wajypdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy ýadygärliklerimizi we medeni gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak boýunça zerur işleri alyp barmagy, baýramçylyklar, şanly seneler mynasybetli göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýaş nesilleri terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirilen özgertmeleri dowam etdirmegiň, ylym ulgamyny kämilleşdirmegi, ylmy barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Saglygy goraýyş edaralaryna keselleriň öňüni almagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullaryny giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzda sporty ösdürmäge aýratyn üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýermek bilen, ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer, daşary işler ministri hasabatyny dowam edip, şu ýylyň 19-njy martynda Aşgabatda geçiriljek «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahata görülýän taýýarlyk barada aýtdy.
Maslahatyň çäklerinde dürli formatdaky ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen bagly birnäçe halkara çäreleri geçirmegiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berjek halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şeýle hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly we netijeli peýdalanmagyň, demir ýollaryň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak bilen, aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmagyň, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önüm boýunça görkezijiler, ýylyň başyndaky ýaly, 6,3 göterim möçberde saklanýar. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryndaky özgertmeler kabul eden meýilnamalarymyza laýyklykda alnyp barylýar diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramynyň dabaraly bellenilip geçiljekdigini, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine bagtyýar zenanlarymyzyň mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryny aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk arzuw etdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.