Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň wekiliýeti Suw meseleleri we tebigy betbagtçylyklar boýunça halkara simpoziumyna gatnaşdy
06.03.2025

2025-nji ýylyň 5-nji martynda Tokio şäherinde Suw meseleleri we tebigy betbagtçylyklar boýunça halkara simpoziumy geçirildi. Simpoziumyň işine döwlet düzümleriniň, halkara guramalarynyň, hususy kompaniýalaryň we raýat jemgyýetiniň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de “Türkmensuwylymtaslama” Türkmen döwlet suw hojalyk ylmy-önümçilik we taslama instutytynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň açylyş dabarasyna Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem gatnaşdy.

Günüň ikinji ýarymynda “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde suw meseleleri boýunça bilermenleriň duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara forumlarynyň belent münberlerinde öňe süren suw serişdelerini goramak we oýlanşykly peýdalanmak boýunça başlangyçlary barada gürrüň berdiler. Hususan-da, Merkezi Aziýada durnukly ösüşi gazanmak nukdaýnazaryndan suw serişdeleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, serhetüsti suw hyzmatdaşlygy sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmekde möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.

Suw meselesiniň howanyň ählumumy üýtgemegi bilen baglylykda has möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy, şol sebäpden hem suw serişdelerinden aýawly we oýlanyşykly peýdalanmagyň zerurdygy nygtaldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi