Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy
06.03.2025

5-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa degişli ýolbaşçylar bilen täze şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy. Şeýle hem bu ýerde gaznanyň işini mundan beýläk-de ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy esasynda ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegi, sazlaşykly ösüşi, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunda Watanymyzyň bagtyýar nesilleriniň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň, çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýändigini bellemek gerek.

Şu gün hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi tarapyndan degişli döwürde alnyp barlan işler, merkezde döredilen mümkinçilikler, bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory M.Öküzowa bu ýerde ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, merkezde işleýän her bir lukmanyň, hünärmeniň öňünde durýan wezipeler anyk kesgitlenildi. Olaryň agzybirlikli tagallasy netijesinde, möhüm wezipeler üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda çagalaryň sazlaşykly ösüşine, saglyk ýagdaýynyň doly derejede dikeldilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde operasiýa geçirilen çagalaryň bu ýerde degişli dikeldiş bejergilerini alýandyklary barada aýdyldy. Çagalaryň saglygyny dikeltmekde dürli oýnawaçlaryň, beýleki serişdeleriň kömegine bil baglanylýar. Lukmançylyk ylmynyň we köpýyllyk tejribäniň görkezişi ýaly, munuň özi lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeli häsiýete eýe bolmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Şu ýyl ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän gaznanyň döredilmegine 4 ýyl bolýar. Şoňa görä, maslahatda bu şanly sene mynasybetli guraljak çäreler boýunça özara pikir alyşmalar boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory häzirki wagtda lukman Arkadagymyzyň tagallasy bilen işlenip taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, çagalaryň sazlaşykly ösüşine, sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hem häzirki döwürde sagdyn ýaş nesli kemala getirmegiň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň işiniň mundan beýläk-de ösdürilmegi we onuň netijeli häsiýete eýe bolmagy üçin bilelikdäki tagallalar zerurdyr. Bu barada aýtmak bilen, O.Atabaýewa ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli rowaçlandyrylýan ynsanperwer ýörelgeleri has-da ilerletmek ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň wajypdygyny nygtady. Şunda lukman Arkadagymyzyň berýän maslahatlaryndan ugur alyp, bu işleri has-da ösdürmek häzirki döwrüň wajyp wezipesidir.

Maslahata gatnaşan lukmanlar hem-de merkeziň hünärmenleri hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda döwlet derejesinde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalar bakja-bagyna baryp gördi. Bu ýerde terbiýelenýän körpeleriň şatlyk-şowhuny, belent ruhy çagalar bagynda döredilen şertleriň häzirki zaman talaplaryna, ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Merkeziň ýolbaşçysy çagalar bakja-bagynda döredilen şertler, binalaryň enjamlaşdyrylyşy, bu ýerde körpeler barada edilýän aladalaryň netijeleri hakynda giňişleýin maglumat berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir. Şunda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer işleri alyp barýandygyny bellemek ýakymly. Gaznanyň ýardam bermeginde körpe nesilleriň saglygyny goramak, howandarlyga mätäç çagalara degişli bejergi işlerini geçirmek boýunça ägirt uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler belent ruha beslenen goşgularyň üsti bilen döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Bu bolsa ýaş nesilleriň nurana geljegi ugrunda edilýän tagallalaryň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda merkezde işleýän lukmanlaryň bir toparynyň “Çaganyň irki ösüşi we irki goşulyşma” boýunça halkara derejeli okuw maslahatlaryna gatnaşandyklary bellenildi. Şeýle hem merkezde bejergi alýan we çagalar bakja-bagyna gatnaýan çagalara ýurdumyzda bellenilýän baýramçylyklar, belli seneler mynasybetli süýjülik sowgatlarynyň yzygiderli iberilýändigi barada aýdyldy.

Soňra O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň bejeriş binasyna baryp gördi. Merkezde çagalaryň saglygyny dikeltmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy hakynda habar berildi.

Merkeziň bölümlerinde işleýän lukmanlar bu ýerde çagalaryň tiz sagalmaklary, saglyklarynyň dikeldilmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini uly guwanç bilen gürrüň berdiler. Bu ýerde ýola goýlan lukmançylyk hyzmatlarynyň toplumlaýyn häsiýete eýedigi aýdyldy. Munuň özi näsag çagalaryň saglygynyň dikeldilmeginiň baş şerti bolup durýar. Şeýle hem lukmanlar her bir bölümiň enjamlaşdyrylyşy, olarda döredilen ýokary derejeli şertler barada durup geçip, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlarynda ýerine ýetirilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň netijeliliginiň ýokarydygyny aýratyn nygtadylar. Olar şeýle döwrebap binada işlemegiň özleri üçin uly mertebedigini aýtdylar.

Merkeziň häzirki zaman talaplaryna we ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede enjamlaşdyrylan bölümlerinde işleýän lukmanlar dünýäniň öňdebaryjy klinikalarynda tejribelik geçip, hünär derejelerini kämilleşdirdiler. Olar merkezde ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de lukman Arkadagymyza öz hoşallyklaryny beýan etdiler.

Lukmanlar merkeziň bejeriş binasynda näsag çagalara lukmançylyk kömegini bermegiň, olaryň saglygyny dikeltmegiň hem-de derman serişdeleri bilen üpjün etmegiň pugta binýadynyň döredilendigini nygtadylar. Saglygyny dikeldip, jemgyýete goşulýan çagalaryň, olaryň ene-atalarynyň munuň üçin hoşallygynyň çägi ýok. Merkeziň ýolbaşçysy we lukmanlar bu babatda öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra çagalar belent ruha beslenen goşgulary, aýdymlary we joşgunly tanslary bilen bagtyýar çagalygyň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyza bolan söýgüsini, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

Körpe nesilleriň şadyýan owazlary bu ýerde guralan dabaraly çäre bilen utgaşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Olar sowgatlary hoşallyk duýgusy bilen kabul edip, çaga kalbyndan çykýan sagbolsunlaryny beýan etdiler.

Şeýle hem merkezde bejergi alýan çagalaryň hemmesine Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň adyndan dürli sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi. Şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenen dabara merkezde bejergi alýan çagalaryň ruhuny göterip, olaryň şowhunyny has-da artdyrdy. Şeýle hem bu ýerde bagtyýar çagalaryň haýyşy boýunça ýadygärlik surata düşüldi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa körpeleri hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gutlap, olaryň tiz sagalmaklaryny, sagdyn, berk bedenli ýaşlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi