Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Birža söwdalarynda “Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine isleg dowam edýär
05.03.2025

4-nji martda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TS-1” kysymly uçar kerosinyny we “Türkmenhimiýa” Döwlet konserninden hlorly natriý, şeýle hem Ukraina döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden dürli reňklerdäki we ölçeglerdäki düz boýalan we žakkard sütükli dokma önümlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 787 031,33 ABŞ dollaryna deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy