Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«Ösüşlere beslenen täze döwrüň buýsançly zenanlary» atly dabaraly maslahat geçirildi
05.03.2025

Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ösüşlere beslenen täze döwrüň buýsançly zenanlary» atly dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, syýasy partiýalaryň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçiren maslahaty joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

Maslahatda häzirki döwürde zenanlaryň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda netijeli zähmet çekip, döwletimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklary bellenildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda gelin-gyzlaryň hemmetaraplaýyn bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, olaryň hukuklarynyň kepillendirilmegi bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda zenan mertebesini belende götermek, olaryň zähmetine, döredijiligine we asylly işlerine sarpa goýmak maksady bilen çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň ähli gelin-gyzlaryny belent ýeňişlere, täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Döredilýän şertleriň netijesinde, bu günki gün zenanlarymyz ylym-bilimde, medeniýetde, işewürlikde, ykdysady we durmuş ulgamlarynyň dürli ugurlarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, aň-paýhas, döredijilik başarnyklaryny netijeli durmuşa geçirýärler. Soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça halkara forumlara, bäsleşiklere we sport ýaryşlaryna gatnaşyp, işjeňlik görkezýän, ýokary netijeleri gazanýan gelin-gyzlaryň sanynyň barha artýandygyny bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzda gelin-gyzlaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, zehinlerini ýüze çykarmaklary ugrunda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Çäräniň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlarda zenan edebiniň, gözelliginiň we gelin-gyzlaryň asylly zähmetiniň waspy ýetirildi. Zenan mertebesine belent hormat goýulýan bagtyýar zamanamyzy wasp edýän çykyşlar dabaraly maslahatyň esasy mazmunyny düzdi. Çykyş eden zenanlar netijeli zähmet çekmek, çeper döredijilik bilen meşgullanmak we täze sungat eserlerini döretmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Şeýle hem olar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna, ýurdumyzyň abadançylygyna mynasyp goşant goşmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Bellenilip geçilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2008-nji ýylda “Ene mähri” diýen hormatly adyň döredilmegi hem-de sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren, terbiýeläp ýetişdiren eneleriň bu derejä mynasyp bolmagy döwletimiziň köp çagaly eneleri aýratyn üns-alada bilen gurşaýandygynyň aýdyň beýanydyr. Ýurdumyzyň özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge uly goşant goşan zenanlarymyz Türkmenistanyň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanyp, olaryň zähmetine ýokary baha berilýär.

Maslahatda Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda aýal-gyzlara, edaradyr kärhanalarda zähmet çekýän zenanlara, hormatly dynç alyşdaky enelere, talyp we okuwçy gyzlara, çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagynyň hem asylly däbe öwrülendigi bellenilip, şu günler bu ugurda degişli dabaraly çäreleriň geçirilýändigine üns çekildi we munuň üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

Çeşme: Türkmenmetbugat