
24-26-njy aprel aralygynda Stambul şäherinde "TÜYAP Büyükçekmece Fuar Merkezi" meýdançasynda "17-nji halkara Petroleum Istanbul sergisi" geçiriler. Bu sebitiñ nebitgaz we energetika pudagynyñ möhüm çäreleriniñ biridir.
Serginiñ guramaçysy hökmünde "Enerji Fuarcılık Organizasyon San. ve Tic. A.Ş" kompaniýasy çykyş edýär. Bu ýerde dünýäniñ tanymal kompaniýalary nebitiñ we gazyñ gazyp alnyşy, gaýtadan işleýşi we geçirilişi babatda özüniñ öñdebaryjy işläp taýýarlamalaryny, şeýle hem energetika we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalarda innowasion çözgütlerini görkezerler.
Türkmen kärhanalary özüniñ gazananlaryny görkezmek hem-de täze işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak üçin sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Çäre işewürlik, ylym we döwlet edaralarynyñ wekilleriniñ arasynda halkara hyzmatdaşlyk, geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin meýdança öwrüler.
**Çeşme: **Orient.tm