Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Balkan welaýatynda «Buýsanjymyz Watan Bitaraplygy!» atly aýdym-sazly dabara geçirildi
04.03.2025

Balkan welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde welaýat döwlet drama teatrynda  «Buýsanjymyz Watan Bitaraplygy!» diýen at bilen geçiren aýdym-sazly dabarasynyň şatlyk-şowhuny ýetik boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen dabarada hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy  döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwletli işleri dogrusynda  söhbet edildi.

Dabarada aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Welaýat döwlet drama teatrynyň artistleriniň «Bitaraplyk ýörelgämiz — parahatlyk senasy» atly edebi-sazly çykyşy has-da täsirli boldy. Welaýatymyzyň medeniýet, sungat ussatlary, talyp ýaşlary, çagalar döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik tutumlaryny, durmuşa geçirýän döwletli işlerini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny, hemişelik Bitaraplygymyzy giňden wasp etdiler. Tans, döredijilik toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin berdi.

Çeşme: Türkmenmetbugat