
Ýurdumyzda bahar paslynyň gelmegi bilen iň esasy baýramçylyklaryň biri bolan 8-nji mart Halkara zenanlar baýramyny ýokary derejede bellemek boýunça köpsanly dabaraly çäreler geçirilýär. Bu dabaralar türkmen zenanlaryna goýulýan çäksiz hormatyň, olaryň durmuşymyzdaky gymmatynyň we ene-mamalarymyzyň edep-terbiýesiniň häzirki nesilleriň kemala gelmegindäki ähmiýetiniň waspy bolup durýar.
Şeýle ajaýyp dabaralaryň biri hem Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde geçirildi. "Zenan kalby wasp edýär, dilde Watan namasy, dünýäni güle besläp joşýar bahar nagmasy" ady bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi ýatdan çykmajak wakalara baý boldy. Çärede edilen medeni çykyşlar zenanlarymyzyň ajaýyp waspnamasy bolup ýaňlandy. Onda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda zenanlara goýulýan hormatyň hemişe uly ünsde saklanylýandygy bellenilip geçildi.
Şeýle hem dabarada Nebitgaz pudagynda zähmet çekýän, ömrüni bu pudagyň ösüşine bagyş eden zenanlaryň gazanýan zähmet üstünlikleriniň ähmiýetiniň juda möhümdigi barada durup geçildi. Bu bolsa eýýäm zenanlarymyzyň zähmetiniň bu pudak üçin örän uly orun tutýandygyny subut edýär. Dabaraly çärede hormatly Prezidentimize zähmet çekmekde döredip berýän ajaýyp şertleri, zenanlarymyz baradaky uly üns-aladalary üçin alkyş sözleri ýaňlandy.
Öz habarçymyz