Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Talyp gözeli — 2025» atly bäsleşik geçirildi
03.03.2025

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň gyzlarynyň arasynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2025» atly bäsleşigi geçirildi. Oňa uniwersitetiň ýedi fakultetiniň talyp gyzlary gatnaşdylar.

Talyp gyzlar bäsleşigiň şertine laýyklykda, ilkinji tapgyrda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmak, ýurdumyzda türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny açyp, aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» kitabyndan ugur alyp, bäsleşigiň ikinji şertinde talyp gözeller türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde özara bäsleşdiler. Gözellik bäsleşiginiň üçünji şerti «Hünärim bar — hormatym bar» diýlip atlandyrylyp, talyp gözeller bu şertde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmeniň keşdeçilik sungatyndan söz açyp, keşde çekmek arkaly öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Netijede, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň 2-nji ýyl talyby Azatgül Ýegenmämmedowa talyp gyzlaryň arasynda ukyp-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezip, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşige gatnaşan talyp gyzlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Çeşme: Türkmenmetbugat