
Mübärek Oraza aýy gapysyny açdy. Muňa köňülleri päkizeleýän aý diýip hem bolar. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynda oraza ybadatynyň Gurhanda parz edilendigini ýatlaýar: «Eý, iman getirenler! (Günälerden we erbet işlerden) gaça durmagyňyz üçin, sizden öňkülere parz edilişi ýaly, size hem oraza tutmak parz edildi». Gahryman Arkadagymyz Muhammet pygamberiň şu sözlerini hem getirýär: «Oraza tutan adam ýalan sözlemekden we ýalan bilen iş bitirmekden gaça durmasa, onuň aç-suwsuz gezip ýörmegine Allatagalanyň hiç bir mätäçligi ýokdur».
Biziň uly ýollary geçen, parasatly halkymyz bar.Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitaplarynda, çykyşlarynda häli-şindi ata-baba ýolumyz, milli ýörelgelerimiz barada aýdýar, olara eýe çykmalydygymyzy, olary ösdürmelidigimizi nygtaýar. Munuň özi hakykatyň orta getirilmesidir, halkyň ykbalyndaky gümansyz zerurlyk bilen baglanyşykly hakykatyň gözüne göni seretmekdir.
Hak işe berilmek, ynsap, gara nebsiň zyýany hakynda ata-babalarymyz kän zatlary, juda kän zatlary aýdypdyr. Beýik şahyr-akyldarlarymyz eserlerinde bu meselelere örän içgin seredipdir. Öz ynsabynyň, akylynyň synagyndan geçen adamyň halkyň içinde başyny dik tutup gezjekdigini, iki dünýäsiniň abatlygyny gazanjakdygyny aýdypdyr. Öten beýik ata-babalarymyzdan, akyldarlarymyzdan öwrenmek her kimiň paýyna düşsün! Gymmatly çeşmeleri öwrenen we öwrenenine amal eden adam il-halka, ýurda-döwlete haýyrly adamdyr.
Uzak taryhynyň dowamynda medeniýetleriň sallançagyna öwrülen, dünýä beýik medeniýetleri beren topragymyzda bu günki bolup geçýän gowudan-gowy wakalar, edil şonuň ýaly, mübärek Remezan aýynyň dessurlary, toýly günleri hemmelere şatlyk, rahatlyk eçilýär. Şunuň bilen baglanyşykly diňe ýekeje zada ünsi çekmegem uly düşünjäni aňladardy. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda şeýle diýýär: «Ýurdumyzda Oraza baýramy namaz okap, agyz bekläp, dini däpleri berjaý edýänler üçin hem, beýlekiler üçin hem — hemmeler üçin deň derejede mukaddes baýram».
Çeşme: «Türkmenmetbugat»