Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Türkmennebit” Döwlet konserniniň önümlerine bolan ýokary isleg dowam edýär
26.02.2025

25-nji fewralda birža söwdalarynda 3 geleşik baglaşyldy. Daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda ýerli işewürler nah ýüplük satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklar jemi 136 710,00 manada we 6 848 000,00 ABŞ dollaryna deň boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy