Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Arkadag şäherinde 5G tehnologiýasy ornaşdyrylar
26.02.2025

5G tehnologiýasy — munuň özi «akylly» şähere mahsus we onuň hökmany düzüm bölegidir. Bu barada geçen ýylyň iýun aýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz aýratyn nygtamak bilen, häzirki döwürde dünýäniň ösen ýurtlarynda barha giň gerime eýe bolýan aragatnaşygyň bu täze neslini ornaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary beripdi. Şondan soň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, bu ugurda birnäçe işler geçirilip, täze tehnologiýany Arkadag şäherinde ornaşdyrmagyň ähli şertleri öwrenildi.

Täze taryhy döwür ýurdumyzyň şöhratly sene ýazgysynda beýik işler bilen yz galdyrýar. Deslapky aýtmaly zat, bu döwürde ýurdumyzda «akylly» şäheriň bina edilmegidir. Kaşaň binalarydyr desgalary, kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýada eýe bolan edara-kärhanalary, innowasion taslamalary, şol sanda döwrebap aragatnaşyk ulgamy bilen tapawutlanýan «akylly» şäherimiz dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde şähergurluşyk konsepsiýasynyň iň soňky täzeçillikleri tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen binýat bolan şäherde ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň sanlylaşdyrylmagyna, munuň üçin zerur bolan ýokary tizlikli internet torunyň üpjün edilmegine, häzirki zaman telekommunikasiýa infrastrukturasynyň döredilmegine iňňän uly ähmiýet berilýär. Biz muňa 22-nji fewralda Gahryman Arkadagymyzyň täze şähere amala aşyran iş saparynyň barşynda tanyş bolan taslamalarynyň mysalynda hem anyk-aýdyň göz ýetirdik. Milli Liderimiz aragatnaşyk ulgamynyň 4G+ tehnologiýasynyň işe goýberilmegine ak pata berip, golaý geljekde ornaşdyryljak 5G tehnologiýasynyň maglumatlar giňişligindäki örän giň mümkinçilikleri, aýratynlyklary bilen tanşyp, bu babatda gymmatly maslahatlaryny hem-de tekliplerini hödürledi. Aragatnaşyk ulgamynyň bu nesli internet hyzmatlary üçin iň çalt işleýän ulgamdyr.

5G tehnologiýasy sanly ulgama birikmäniň täze eýýamynyň başlangyjy bolup, görlüp-eşidilmedik tizligi üpjün eder, bir wagtda köp sanly enjamlary birikdirer. Bu bolsa ähli pudakda öňegidişlige getirer. Onuň täze şäherde ornaşdyrylmagy, ilki bilen, «akylly» öý konsepsiýasy üçin wajypdyr. Çünki bu aragatnaşyk ulgamy ýokary tizlikli şertlerde signaly sekuntda 1 Gbite çenli ugratmaga we kabul etmäge mümkinçilik berýär. Onuň işe goýberilmegi netijesinde, her inedördül kilometrde azyndan 100 müň enjamy birikdirip bolar. Munuň özi 100 — 150 Mbit/sekunt aralygyndaky tizlikde işleýän 4G mobil internetinden görnetin tapawutlydyr.

Täze taslama «Huawei» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär. Hytaý kompaniýasy bilen 20 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän gatnaşyklaryň çygrynda milli hünärmenleriň tejribesi örän kämilleşdi. Ýurdumyzyň sebitlerinde aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek bilen bagly işler tapgyrlaýyn amala aşyryldy. Kompaniýa tarapyndan nobatdaky tapgyrda 5G tehnologiýasyny ýola goýmak meýilleşdirilýän bolsa, geljekde ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna «emeli aň» tehnologiýalaryny girizmäge gyzyklanma bildirilýär.

— Türkmenistanda aragatnaşygyň geljegine diňe ýokary baha berip bileris. Türkmen kärdeşlerimiz bilen maksatnamalaýyn esasda meýilleşdirýän işlerimiz hut şeýle diýmäge esas berýär. Häzirki wagtda 5G aragatnaşygyny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Ýeri gelende, ýurtda «emeli aň» tehnologiýalaryny ýola goýmak üçin hem giň mümkinçilikleriň we oňyn şertleriň bardygyny bellemek gerek — diýip, geçen ýylyň noýabrynda geçirilen «Türkmentel — 2024» forumynda «Huawei» kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekili Sýao Lun söhbetdeş bolanymyzda aýdypdy.

«5G tehnologiýasynyň nähili mümkinçilikleri bar?» diýlende, onuň internet toruna ýokary tizlikli elýeterliligi üpjün edýändigi şobada seriňe dolýar. Elbetde, bu onuň iň esasy we wajyp şerti. Emma munuň üstüni aragatnaşygyň täze nesliniň ýene onlarça taslamalara başlangyç berip biljek aýratynlyklary bilen hem ýetirip bolýar. Mysal üçin, ýurdumyzda bu ugurda 4k göni ýaýlym, telemedisina, oba hojalyk işleri, känlerde gazyp alyş işlerini geçirmek, deňiz portunda kranlary dolandyrmak, dronlar arkaly gözegçilik we gorag ýaly işleri täze aragatnaşygyň kömegi bilen uzak aralykdan bökdençsiz ýerine ýetirmek mümkindir. Şular dogrusynda, şeýle hem täze tehnologiýanyň ornaşdyrylmagynyň maksady we ähmiýeti barada gyzyklanyp, Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirliginiň tehniki bölüminiň başlygy Serdar Amangeldiýewe ýüz tutduk.

— «Akylly» tehnologiýalara esaslanýan Arkadag şäherinde 4G+ tehnologiýasynyň işe goýberilmegi, ýene az wagtdan bu ýerde 5G tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň göz öňünde tutulmagy işleri ýokary derejede sazlaşykly guramak, şäheriň bitewi dolandyryş gurşawyny döretmek üçin niýetlenendir. Milli Liderimiz ozal hem täze şäherde aragatnaşygyň iň döwrebap innowasion çözgütler esasynda kämilleşdirilmelidigi, bir umumy ulgamy emele getirmäge ýardam etjek işleriň durmuşa geçirilmelidigi barada nygtapdy. Häzirki taslamalar «akylly» şäheriň möhüm şerti bolup, bilim, ulag, aragatnaşyk, lukmançylyk, oba hojalygy, işewürlik, önümçilik pudaklarynyň, habar beriş serişdeleriniň we beýleki ulgamlaryň bitewi dolandyryş gurşawyny döretmekde ähmiýetlidir. «TürkmenÄlem 52oE» emeli aragatnaşyk hemrasynyň esasynda işlemek bilen, ýygylyk zolagynyň işiniň ýokary derejede alnyp barylmagyny üpjün etjek 5G aragatnaşygy bu meselede iň ýerlikli çözgütdir. Häzirki wagtda bu tehnologiýanyň ähli zerur enjamlary ýurdumyza gelip gowuşdy. Ýakyn geljekde bolsa ol doly ornaşdyrylar — diýip, hünärmen gürrüň berdi.

Dünýä ýüzünde soňky 5 ýylyň iň esasy tehnologik täzelikleriniň biri bolan bu aragatnaşyk ulgamy ähli ugurda işleriň has-da netijeli alnyp barylmagy üçin ýurdumyzda döwrebap iş ülňüleriniň, innowasion dolandyryş endikleriniň, ýokary hiliň we önümçilik kuwwatlylygynyň sazlaşygyny döretmegiň täze tapgyryna badalga berer. Häzir bu ugurda aragatnaşyk ulgamynyň täze nesliniň ýaýrawy, şeýle hem onuň esasynda dolandyrylýan häzirki zaman önümçiligi boýunça dünýäde öňdäki orunda durýan Hytaýyň tejribesi özleşdirilýär. Wagtyň geçmegi bilen 5G bütin ýurdumyzyň çäginde elýeterli bolar, gündelik durmuşymyzda adaty aragatnaşyk tehnologiýasy hökmünde peýdalanylyp, ykdysadyýetiň ýokary depginde ösmegine itergi berer. 2030-njy ýylda tejribede döredilmegi maksat edinilýän 6G tehnologiýasyna geçiler. Bu beýik maksatlara ýetmek üçin ýurdumyzyň degişli ugurlarda kuwwatly, döwrebap infrastrukturasy bar. «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasynda» we beýleki degişli milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleriň yzygiderli hem depginli durmuşa geçirilmegi netijesinde bu maksatlaryň ählisi hakykata öwrüler.

Çeşme: “Tükrmeninstan” gazeti