Şenbe güni, birža söwdalarynda nebithimiýa we gurluşyk önümleri satyldy
24.02.2025

Şenbe güni, 22-nji fewralda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy hem-de Türkiýe we Gazagystan döwletiniň Türkmenistanyñ Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden PS400-GO-K we PS500-GO-K kysymly portlandsementlerini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 9 543 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.
çeşme:TDHÇMB
Şeýlede okaň
05.06.2025