
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy ähmiýetli beýik özgertmeleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ägirt uly üstünliklere beslenýär.
Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň güýçli depginlerde dowam edýän gurluşygy hem onuň aýdyň subutnamalarynyň biridir.
Halkara ähmiýetli awtomobil köprüsiniň gurluşygyna Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen 2022-nji ýylyň iýul aýynda badalga berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda gurulýan döwrebap desganyň buýrujysy Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligidir. Onuň gurluşyk işlerini ýurdumyzyň ozaldan gelýän hyzmatdaşy bolan «Dorožnoýe stroitelstwo «Altkom» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti türkmen kärdeşleri bilen bilelikde üstünlikli ýerine ýetirýärler. Gurluşyk işlerinde esasy zerurlyk edýän demir gurnamalar bolsa öň baglaşylan şertnamalar boýunça Türkiýe, Germaniýa, Beýik Britaniýa döwletlerinden getirilýär. Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, bu ýerde halkara talaplary gyşarnyksyz berjaý edilýär. Has takygy, gurulýan köpri ikitaraplaýyn gatnawly, iki sany hereket zolagyndan ybaratdyr. Täze köpriniň uzynlygy 354 metre, ini hem 21 metre ýeter. Şeýlelikde, awtomobil köprüsiniň ýük göterijilik we geçirijilik, şeýle-de uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmek mümkinçilikleri halkara ölçegleridir kadalaryna laýyk üpjün edilýär.
Häzirki wagtda köprüniň ähli sütünlerinde burawlanyp, betonlanýan gazyklaryň hem-de sütünleriň, keselikleriň betonlaryny guýmak, köprüniň gözegçilik ýörelgelerini gurnamak, sütünleriň gorag örtüklerini etmek, sütünleriň arasynda metal konstruksiýalaryny oturtmak, süýşürmek işleri gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Şeýle-de köprüniň Türkmenbaşy-Garabogaz eltiji ýollary asfalt ýazmaga taýýar edildi. Ýeri gelende aýtsak, Garabogazda gurulýan täze köprini bellenilen möhletde ýokary hil derejesinde ulanyşa tabşyrmak onuň gurluşygynda agzybir zähmet çekýän işçilerdir hünärmenleriň baş maksady bolup durýar.
Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň maý aýynda möhüm gurluşygy tamamlap, üsümizdäki ýylda giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýylyk baýramyny ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen şöhratlandyrmagy maksat edinýärler.
çeşme: Altyn asyr Türkmenistan