Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Sakarçäge etrabyndaky ýüplük egirme fabriginiň önümleri Russiýa eksport edilýär
21.02.2025

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Sakarçäge etrabyndaky ýüplük egirme fabriginde häzirki wagtda 240-a golaý işgär zähmet çekýär.

Kärhananyň dokmaçylary 2025-nji ýylyň ýanwarynda 7 million 583 müň manatlykdan gowrak nah ýüplük öndürip, iş meýilnamasyny üstünlikli berjaý etdiler. Munuň özi meýilnamanyň 100,1 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.

Öndürilen önümleriň ekologik taýdan arassa, hili ýokary bolmagy fabrigiň ak bazarlardaky abraýyny has-da artdyrýar.

Türkmen metbugatynda berilýän habara görä, häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän nah ýüplükler tabşyryga laýyklykda, Dokma senagaty ministrliginiň ýurduň içindäki kärhanalaryna we Russiýa Federasiýasyna ugradylýar.

Sakarçäge etrabyndaky ýüplük egirme fabrigi ýurtda ilkinji bina edilen kuwwatly, döwrebap dokma kärhanalarynyň biridir.

çeşme:turkmenportal