Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasy
21.02.2025

Serginiň geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan.

Serginiň geçýän wagty: 2025-nji ýylyň 21-23-nji awgust aralygynda - 09:00 – 18:00

Sergä gatnaşyjylar: Türkmenistanyň, ýakyn we uzak ýurtlarynda çagalar harytlary we hyzmatlary pudagynda işleýän kärhanalar, guramalar, hünärmenler we jemgyýetçilik birleşikleri, telekeçiler, hususy şahslar.

Eksponatlar: Sergi-ýarmarkasy oýunjak, bilim, saglyk, güýmenje we beýleki goşmaça hyzmatlar ýaly çagalar üçin harytlaryň we hyzmatlaryň ähli ugurlaryny öz içine alar. Sergi ýarmarkada hil taýdan başgada, oýunlar we çagalar önümleri pudagyna aýratynlygy bilen tapawutlanýan we ugurtapyjylygy görkezýän adaty we az tanalýan markalar hem görkeziler.

Serginiň bölümleri:

  • Täze doglan çagalar we bäbekler üçin önümler.
  • Mekdep üçin harytlar (kanselýariýa, çagalar mebeli)
  • Çagalar üçin bilim we okuw.
  • Oýnawaçlar we okuw esbaplary.
  • Çagalaryň durmuşynda tans, aýdym-saz we sungat.
  • Çagalaryň saglygy we howpsuzlygy.
  • Çagalaryň biliminde innowasiýa tehnologiýalary.
  • Çagalaryň edebiýaty we kitap okamak.
  • Sport we beden taýdan ösüş.
  • Döredijilik we çeperçilik işjeňligi.
  • Daşky gurşawy goramak we durnuklylyk.
  • Çagalaryň modasy we stili.
  • Çagalar üçin güýmenje we çäreler (dynç alyş üçin hemme zat).
  • Sungat we aýdym-saz bilimi.
  • Inklýuziw bilim we aýratyn zerurlyklary bolan çagalara ideg.
  • Maşgala gymmatlyklary we terbiýe.
  • Çagalar üçin howpsuzlyk tehnologiýalary.
  • Çagalar üçin iýmitlenmek we sagdyn iýmitlenmek.
  • Maşgala güýmenjesi we çagalar bilen syýahat etmek.
  • Çaga psihologiýasy we ösüşi.
  • Çagalar üçin interneti howpsuz ulanmagyň tehnologiýalary.
  • Çagalaryň ösmeginde ene-atalaryň orny.
  • Çagalaryň syýahatçylygy we syýahaty.
  • Çagalar üçin interaktiw açyk meýdançalar.
  • Çagalar üçin döredijilik çäreleri we ussatlyk sapaklary.

çeşme: business.com.tm