Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi maýa goýumlary çekmek boýunça forum geçirýär
20.02.2025

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen bilelikde şu ýylyň mart aýynyň ortalaryna, has takygy 18-nji martda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» – IFT-2025 forumyny geçirmegi meýilleşdirýär. 

Guramaçylaryň pikiriçe, bu uly göwrümli çäre maýa goýumçylary, telekeçileri we döwlet edaralarynyň wekillerini birleşdirmäge niýetlenendir.

IFT-2025 forumy kompaniýalara geljegi uly taslamalary görkezmek, ygtybarly hyzmatdaş tapmak we sebitde işewürligi ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik berýär.

Forumyň çäginde öňdebaryjy ykdysadyýetçileriň, telekeçileriň we döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda gönümel çekişmeler, ýurduň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşlyk, halkara aragatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etjek ulgamlaýyn maslahatlar bolar.

Hödürlenen taslamalar IFT-2025-iň resmi saýtynda ýerleşdiriler, şeýle hem forumda görkeziler.

Foruma gatnaşmak üçin forumyň resmi saýtynda hasaba alnyp bilersiňiz.

turkmenistan altyn-asyr