
Iki ýurduň arasynda ýokary bilim babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň we Pakistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Waganyň geçiren duşuşygynyň esasy mowzugy boldy.
Türkmenistanyň we Pakistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen ylalaşyklaryň esasyndaky häzirki bar bolan hyzmatdaşlygyň netijeliligi barada belläp, taraplar bilim babatda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek boýunça anyk teklipleri beýan etdiler.
Hususan-da, Pakistanyň wekilleri Türkmensitanyň başlangy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Halkara parahatçlyk we ynanyşmak ýylyna”, şeýle hem Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere çagyryldy.
Pakistanyň ýokary okuw mekdebi 2025-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklar institutynda geçiriljek “Dil – dostlukly gatnaşyklaryň möhüm guraly” atly Halkara okuw-usuly seminaryna gatnaşmaga çagyryldy. Pakistanyň mekdep okuwçylarynyň Aşgabatda 2025-nji ýylyň 21-26-njy apreli aralygynda bolup geçjek II Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak meselesi barada maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, S.A.Nyýazow adyndaky Oba hojalyk uniwersitetiniň (Türkmenistan) hem-de Feýsalabad şäherindäki Oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda oba ykdysadyýeti hem-de maldarçylyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak baradaky başlangyç öňe sürüldi.
Pakistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagan pakistan uniwersitetleriň türkmen talyplaryna bank işi, demir ýol ulagy, maglumat tehnologiýalary, farmasewtika, daşary ýurt dilleriň öwrenilişi ýaly ugurlar boýunça talyp hakly ýerleri hödürlemäge taýýardyklaryny aýtdy.
Şeýle hem, ol öz diplomatik tejribesini paýlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin “açyk sapak” geçirmek isleýändigi barada belledi.
çeşme: orient.tm