
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň arasynda nebitgaz senagaty hem ilkinjileriň hatarynda durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu pudagyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazylyp alynýan we gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak we eksport ugurlaryny ösdürmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle işleriň durmuşa geçirilmegi diňe bir ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge däl, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga hem mynasyp goşandyny goşýar.
Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwaty artdyrylyp, tebigy gazda işleýän, iň täze tehnologiýalary özünde jemleýän, döwlet energiýa paýlaýjy ulgamyna girýän döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesi hereket edýär. Şeýle hem gaz pudagy ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny düzüp, ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň uly bölegini emele getirýär. Bu pudakda täze ýataklary ýüze çykarmak, barlag geçirmek, ulanmaga bermek, uglewodorod serişdelerini ibermekden we saklamakdan başga-da, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlarynda ornaşdyrylan öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanylyp, işler üstünlikli alnyp barylýar.
Türkmenistanyň halkara energetika bileleşiginiň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde eýeleýän orny uludyr. Munuň şeýledigini nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi hem subut edýär. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilip, abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýar. Bu taslama diňe bir Günorta Aziýa ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabrynda Mary welaýatynda sebitde howpsuzlygyň berkidilmegine, goňşy döwletleriň, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine, durnukly ykdysady gurşawyň döredilmegine ýardam bermäge gönükdirilen iri taslamalara badalga berildi. Hususan-da, TOPH transmilli gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berlendigini we «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüniň tutulandygyny bellemek gerek.
Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda gözleg işlerini geçirmäge, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Bu işler «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan ýokary derejede alnyp barylýar. Şeýle hem uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşen önümçilik toplumlary hem öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam berýär. Şolaryň hatarynda içerki we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan ýokary dykyzlykly polietileni, dürli kysymly polipropileni öndürýän Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki polimer zawodyny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawody görkezmek bolar.
Ýurdumyzda nebithimiýa senagatyny ösdürmekde içerki bazary ýokary hilli nebit önümleri bilen üpjün etmek, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek üçin çig mal binýadyny döretmek möhüm ähmiýete eýedir. Nebit diňe bir ýangyç serişdesi bolman, himiýa senagatynyň binýadyny hem emele getirýär. Döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ondan dürli görnüşli eşikler, aýakgaplar, plastik önümler, boýaglar, nebit, gazhimiýa önümleri öndürilýär. Täze taryhy döwrümizde türkmen nebithimiýa pudagynyň öňdebaryjy kärhanalary bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda döwrebap enjamlar ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, ýurdumyzda dürli senagat önümleri — ýokary hilli awtoulag benzinleri, suwuklandyrylan gaz, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri, çalgy ýaglary, polipropilen, ýol we gurluşyk üçin önümler öndürilýär. Bu bolsa senagat toplumynyň işini kämilleşdirip, milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmäge mynasyp goşandyny goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň nebitgaz senagatyny ösdürmekde alyp barýan innowasion syýasatyna laýyklykda, önümçilik kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de artdyrylmagy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýä we sebit derejesinde durnukly ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmek bilen berk baglanyşyklydyr. Bu bolsa Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlanjakdygynyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
çeşme: turkmenmetbugat