
Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda guramanyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýurtda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen bilelikde guraýan okuw maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde geçirilýän maslahata Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň hem-de onuň welaýatlardaky toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada türkmen metbugatynda habar berildi.
Milli hünärmenleri saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alnyp geçirilýän okuw maslahaty «BRIDGE» (Building Resources in Democracy, Governance and Elections) halkara okuw maksatnamasyna esaslanýar.
Şeýle-de okuw maslahatynyň ilkinji gününde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasary Amangeldi Gandymow hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç çykyş etdi. Olar bu maksatnamanyň çäklerinde ýurtda durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň kämilleşdirilişi, oňa girizilen goşmaçalaryň we üýtgetmeleriň ähmiýeti hakynda hem durlup geçildi.
Degişli ugurda 25 ýyllyk iş tejribesi bolan gruziýaly halkara bilermen Natiýa Kaşakaşwili okuw maslahatyna gatnaşyjylar bilen gyzykly okuw gönükmelerini ýerine ýetirdi. Okuw maslahaty 4 günläp dowam eder.
çeşme: turkmenportal