
Çarşenbe güni, 19-njy fewralda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy we Türkiýe döwletiniň işewürleri ýerli işewürlerden buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler “Türkmennebit” Döwlet konserninden “TPP Z 30 G” kysymly polipropileny we “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 49 500 000,00 manada we 2 830 500,00 ABŞ dollaryna deň bolan 7 geleşik baglaşyldy.
çeşme: exchange.gov.tm