
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow, şeýle-de Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazary-Şarif şäheri) Baş konsuly Bazarbaý Kabaýew «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandylar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli degişli Karara gol çekdi.
Kararda ady agzalan diplomatlaryň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünlikleri hem-de diplomatik gullugy ulgamynda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sylaglanylýandygy bellenilýär.
Türkmen diplomatlaryna mynasyp bolan sylaglary şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hünär baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň barşynda gowşuryldy.
çeşme: https://turkmenportal.com/tm