
Balkan welaýatynyň telekeçileri azyk howpsuzlygyny berkitmek, hyzmatlaryň gerimini giňeltmek, senagat önümçiliginiň möçberlerini ýokarlandyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryndan netijeli peýdalanýarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmekde hem-de oba hojalyk çig malyny gaýtadan işlemekde uly üstünlikleri gazandylar.
Şunlukda, “Batly-Gadam” kärhanasy her ýyl nah ýüplügiň 5,4 müň tonnasyny we jorabyň 18 million jübüdini öndürýär. “Zürýada” kompaniasy bolsa gazlandyrylan içgileriň 8,5 million litrini we içimlik suwuň hem 15 million litrini çykarýar.
“Altynnur zamany” kärhanasynyň döwrebap önümçiligi kömelekleri gaplamaga (sagatda 1 müň gap) we miwe mürepbelerini taýýarlamaga ýöriteleşendir. “Nurly meýdan” daýhan hojalygy her ýyl bazarlara 8 müň tonna towuk etini, 16 million guş ýumurtgasyny iberip, guşlar üçin 72 müň tonna çenli iým öndürýär.
“Ýazlka” kärhanasynda süýt gaýtadan işlenilip, süýt önümleriniň 15 görnüşi öndürilýär. Gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi pudagynda “Akgaýa”, “Senagat plastik”, “Giň dere”, “Läle plastik” we “Demir ölçeg” kompaniýalary aýratyn tapawutlanýar.
“Rysgally nesip” kärhanasy “Çyrag” harytlyk nyşany bilen her ýyl 400 müň sany yşyklandyryjy lampalaryny öndürýär.
Mundan öň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Balkan welaýatynda täze gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine girişilýändigini yglan etdi.
çeşme:https://business.com.tm/