Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen halkara foruma gatnaşdy
19.02.2025

Türkmenistanyň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlary üçin üçünji hasabat beriş tapgyrynyň netijelerine, şeýle hem serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmegiň guraly hökmünde maglumatlaryň ulanylyşyna (Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 6.5.2 görkezijisi) bagyşlanan sebit maslahatyna gatnaşdylar. Maslahat 12-13-nji fewral aralygynda Daşkent şäherinde geçirilip, ol Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan suw hojalygy ulgamynda işleýän işgärleri bir ýere jemledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Daşkentde geçirilen maslahat suw bilen bagly DÖM boýunça hasabatlarda tejribe alyşmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek we sebitde durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin anyk çäreleri işläp düzmäge ýardam bermek maksady bilen guraldy. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet suw hojalygy edaralarynyň bilermenleri maslahatyň çäklerinde serhetüsti derýalaryň we kölleriň basseýnleriniň çäginde suw serişdeleriniň ulanylmagyna, ýerüsti we ýerasty suwlaryň bölünmegine, gidrotehniki desgalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de daşky gurşawy goramaga degişli möhüm meseleler barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň guramaçylarynyň hatarynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň hökümetara utgaşdyryjy suw hojalygy toparynyň Ylym we maglumat merkezi, ÝUNESKO, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasy we Halkara Suw serişdelerine baha beriş Merkezi bar. Maslahat German halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) maliýe goldawy bilen geçirildi. Mundan başga-da, bu maslahata halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

çeşme:https://turkmenportal.com/