Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmen gazynyň Türkiýä iberilmegi 1-nji martda başlanar – Türkiýäniň ilçisi
19.02.2025

Türkmenistandan Türkiýä gaz iberilmegi 1-nji martda başlanar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok habar berdi.

«Siziň bilşiňiz ýaly, biz şu hepdäni Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklar üçin şatlykly habar bilen başladyk. 1998-nji ýyldan bäri gepleşikleri alnyp barylýan türkmen tebigy gazynyň Türkiýä iberilmegi barada ilkinji ylalaşyga gol çekildi. Türkmenistandan tebigy gaz 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan Türkiýä gelip başlar» — diýip, ol anna güni geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.

Diplomatyň sözlerine görä, türkmen tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen Türkiýä iberilmegi swap shemasy arkaly amala aşyrylar. Bu mesele köp ýyllaryň dowamynda ara alnyp maslahatlaşylyp gelindi.

Geçen ýylyň martynda 3-nji Antaliýa diplomatik forumynyň çäklerinde «Tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Bu ylalaşygyň çäklerinde BOTAŞ kompaniýasynyň we «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri birnäçe gezek duşuşyk geçirdiler.

«2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda ýyllyk möçberi 2 milliard kub metre çenli bolan türkmen tebigy gazynyň Eýranyň üsti bilen swap shemasynyň esasynda Türkiýä iberilmegi barada ylalaşyga gol çekildi. Gazy ibermekligi 2025-nji ýylyň 1-nji martynda başlamak meýilleşdirilýär. Türkmen tebigy gazynyň biziň ýurdumyza iberilmegi 30 ýyldan gowrak wagt bäri ara alnyp maslahatlaşylýan mesele boldy. Şeýlelikde, biz türkmen doganlarymyz bilen bilelikde bu arzuwy amala aşyrýarys» — diýip, Demirok nygtady.

çeşme:  turkmenportal