Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan YUNESKO-nyñ Geoparkyny döretmek mümkinçiligini öwrenýär
19.02.2025

Türkmenistanyñ Daşky gurşawy goramak ministrliginde ministriñ ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyñ Geoparkyny öwrenmek we döretmek boýunça Iş toparynyñ birinji mejlisi geçirildi. Toparyñ düzümine pudaklaýyn ministrlikleriñ, ylmy edaralaryñ, telekeçilik jemgyýetçiliginiñ we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ wekilleri girdi.

"Нейтральный Туркменистан" gazetiniñ habar bermegine görä, mejlisiñ dowamynda Türkmenistanda ÝUNESKO-nyñ Ählumumy geoparklar toruna girizilip bilinjek geoparky döretmek mümkinçiliklerine garaldy.

ÝUNESKO-nyñ işleri barada Türkmenistanyñ milli toparynyñ jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa gatnaşyjylary geoparklary döretmek işi, guramanyñ halkara tejribesi we talaplary baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdy. ÝUNESKO-nyñ geoparklary möhüm tebigy, geologiýa we medeni ýerlerine baý özboluşly araçäkler bolup, olar halkara ähmiýete eýedir.

Häzirki wagtda dünýäniñ 48 ýurdunda 213 sany geopark hasaba alnan, Türkmenistanda şeýle ýadygärligiñ döredilmegi bolsa milli tebigy mirasy gorap saklamakda hem-de ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmekde möhüm ädim bolardy.

Iş toparynyñ agzalary ýurtda özboluşly ajaýyp geologiýa ýerleriñ bardygyny hem-de geoparky döretmekde olaryñ esas bolup bijekdigi barada bellediler. Birinji tapgyrda laýyk gelýän territoriýany kesgitläp, ony döretmek üçin ylmy we hukuk esaslandyrmalary öwrenmek karar edildi. Geoparklaryñ ösdürilmegi diñe bir tebigy baýlyklary gorap saklamakda däl-de, eýsem ýurduñ ykdysadyýetine goldaw bermekde, iş orunlaryny döretmekde, ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmekde hem-de ilatyñ ýaşaýan sebitiniñ geologiýa mirasynyñ wajyplylygy barada habarlylygy ýokarlandyrmakda ýardam berýär.

çeşme: https://orient.tm