
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” atly kitabynda “Kitap okamaýan görenini görer, kitap okaýan dünýäni görer” , ”Kitap okaýanyň ruhy baý” diýlen sözlerinden ugur alynyp, mekdebimiziň mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda talyp ýaşlar mekdep kitaphanasyndan daşary Balkan welaýat kitaphanasynda okaýyşlary gurnadylar. Kitap okamagyň iň uly peýdasy biziň beýnimizi türgenleşdirmegidir . Haçan adam kitap okap başlanda onuň dünýägaraýşy giňeýär we şol kitapda ýazylan gahrymany, gurşawy şol ýerdäki wakany göz öňüne getirip hyýal edip başlaýar. Bu bolsa adamyň gözýetimini, hyýal düşünjesini giňeltmäge ýardam berýär. Kitap okamak endigi talyp ýaşlarda sagdyn pikirlenmegi, watansöýüjiligi, ylyma bolan söýgini kemala getirýär.
çeşme:balkanabatohom