
Sişenbe güni, 18-nji fewralda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri “Türkmennebit” Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler Türkmenistanyň Dokma Senagaty ministrliginden süpürintgi galyndysyny hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden gazbeton bloklaryny satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 372 931,60 manada we 12 635 000,00 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.
çeşme:exchange.gov.tm