Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary Duşenbede energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyndaky taslamalary maslahatlaşdylar
19.02.2025

Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçisi A.Goçmyradow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Täjigistandaky ilçisi jenap M.S.Sarwaryň duşuşygynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistan Habarlar portaly Duşenbedäki türkmen diplomatik wekilhanasyna salgylanyp habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşyp, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlylygy bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, şeýle hem energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Taraplar halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde gepleşikleri dowam etmegiň möhümligini nygtadylar.

Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm orny nygtaldy.

çeşme: oilgas.gov.tm