Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Ýurdumyzyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň önümlerine uly isleg bildirýär
18.02.2025

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçilerine ýorgan-düşek daşlyklarynyň toplumlary, nah mata we gysga süýümli pagta ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 970 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 56 million 840 müň manatdan gowrak bolan polipropileni (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem nah matany, float aýnasyny, pagta süýümini satyn aldylar.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi