Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi
17.02.2025

Fewralyň 15-ne Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi.

Mejlisiň işine degişli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Jogapkär secretary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisi açmak bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýurduň ýolbaşçylygynyň Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berýändigini belläp geçdi.

Çäräniň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2024-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi, şeýle hem toparyň işiniň 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulanlygy sebäpli, 2024-nji ýylyň maý aýynda TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisini goşmak bilen geçen ýylyň dowamynda möhüm wakalaryň geçirilendigi bellenildi.

2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen onlaýn we oflaýn duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi bellenildi, olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet we ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu çäreleriň netijesinde ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça möhüm resminamalaryň we çözgütleriň kabul edilendigi nygtaldy.

Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna milli gymmatlyklary girizmek babatynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen teklipler bilen baglylykda ýakyn geljekde hyzmatdaşlyk etmek boýunça wezipeler kesgitlenildi.

Mejlisiň dowamynda ÝUNESKO-nyň düzüm birliklerinde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly wajyp meselelere hem garaldy.

Mundan başga-da, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly bilelikdäki çäreleri geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi