
15-nji fewralda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde Türkmenistanyň kazylarynyň VII maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň kazyýet edalarynyň kazylary we kazyýet işgärleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ilki bilen gurnalan göçme sergä aýlanyp gördüler. Sergide hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary, şeýle hem ýurdumyzyň görnükli suratkeşleriniň we heýkeltaraşlarynyň naýbaşy eserleri aýratyn orun aldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly belleýşi ýaly häzirki döwrüň talaplary hem-de Watanymyzy ösdürmegiň ileri tutulýan strategik ugurlary kazyýet-hukuk ulgamynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň garaşsyzlygyny, açyklygyny we aýanlygyny, şeýle hem jemgyýetiň kazyýet ulgamyna bolan ynamyny, adyl kazyýetligiň hilini ýokarlandyrmak, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitleriniň kazyýet tarapyndan goralmagyny kämilleşdirmek barada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kesgitlän jogapkärli wezipelerini mundan beýläk-de netijeli durmuşa geçirmegiň ugurlary maslahatda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda geçen 2024-nji ýylda durmuşa geçirilen işler seljerildi. Milli kanunçylygy öňdebaryjy halkara tejribesinden ugur alyp özgertmek, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşinde kazyýet ulgamynyň işiniň netijeli häsiýetini, ykdysady giňişligiň bitewiligini we ygtybarlylygyny has-da pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramagy ýokary derejede alyp barmak, kazyýet kararlarynyň adalatly, kanuny we esasly bolmagy hem-de hili babatda kazylaryň jogapkärçiligini ýokarlandyrmak barada maslahatda giňişleýin çykyşlar edildi.
Şeýle hem maslahatda kazyýet hakynda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler boýunça çykyşlar edildi. Öňdebaryjy halkara tejribesinden ugur alnyp, kazyýet ulgamynyň işini ösdürmek, kazyýet kararlarynyň hilini has-da kämilleşdrimek babatda birnäçe teklipler öňe sürüldi.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň halkara derejesinde belleniljek “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň kazyýet edaralary tarapyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän çäreler baradaky çykyşlara hem maslahatda aýratyn orun berildi.
Kazyýet edaralarynyň işiniň we kazyýet önümçiliginiň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek, kazylaryň we kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryny we bilim derejelerini ýokarlandyrmak, kazyýetleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak ýaly wajyp wezipeleri amala aşyrmak boýunça teklipler öňe sürüldi. Türkmenistanyň Kazylarynyň VII maslahatynyň jemleri boýunça karar kabul edildi.
Kazyýet edaralarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk we alkyş sözleri maslahatda belentden ýaňlandy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi