
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 104,3 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 100,7 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,2 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 103,8 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 113,8 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 124,2 göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, tebigy gazyň we nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmagyň, önümçilik desgalaryny kadaly ýagdaýda saklamak üçin toplumlaýyn çäreleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi