Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi
15.02.2025

Fewral aýynyň 14-ne Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine toparyň 2024-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak meseleleri girizildi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe döwletliligi pugtalandyrmaga, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň hukuk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak hem-de adam hukuklarydyr azatlyklary babatda halkara borçnamalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, bu ugurda degişli Hereketleriň milli maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň düzümleri bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, adam hukuklaryny üpjün etmek, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek ulgamynda bu toparyň, döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýerine ýetirmeli işleriniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gün tertibine laýyklykda, “Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugynyň çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin meýilnamasynyň” ýerine ýetirilişiniň barşy barada habar diňlenildi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde halkara ynsanperwer hukugy möhüm orny eýeleýär. Şunda adam hukuklarynyň goralmagyna we çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý halkara federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky meselä garaldy. Türkmen halkyna mahsus bolan asylly ynsanperwer ýörelgelerden hem-de halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesinden ugur alyp, mejlise gatnaşyjylar degişli kadalary amala aşyrmak üçin umumy ykrar edilen we milli hukuk gurallaryny kämilleşdirmek bilen bagly soraglary ara alyp maslahatlaşdylar.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” adam hukuklaryny üpjün etmegiň we raýat jemgyýetini kämilleşdirmegiň esasy şerti hökmünde adam maýasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, mejlisde Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça wekiliniň — Adalatçynyň Milli hukuk goraýjy edaralarynyň ählumumy bileleşiginde hasaba alynmagy we Adalatçynyň Diwanynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň netijeleri baradaky maglumat diňlenildi.

Hereket edýän kanunçylyk binýadyny seljermek, hukuk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak, ilatyň hukuk medeniýetini ýokarlandyrmak pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunda BMG-niň halkara resminamalaryna laýyklykda, adam hukuklaryny goramak barada milli hasabatlary, synlary taýýarlamak we bu ugurda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça yzygiderli geçirilýän okuw maslahatlarynyň, iş duşuşyklarynyň, geňeşmeleriň ähmiýeti nygtaldy. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda ählumumy Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine aýratyn üns berildi. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň 17-sini hem resmi taýdan kabul etdi we olary durmuş-ykdysady ösüşiň wezipelerine, şol sanda adam hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak barada milli meýilnamalardyr maksatnamalara ornaşdyrdy.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, pudagara toparyň iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeler ýurdumyzyň ýerine ýetiriji, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi, Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki düzümler bilen adam hukuklaryny goramak babatda hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge gönükdirilendir.

Mejlisde adam hukuklary we ynsanperwer hukugy bilen bagly başga-da birnäçe möhüm meselelere seredilip, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi