Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Ýanwar aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
15.02.2025

14-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň dowamynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny belledi. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, welaýatlarda goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi