1-nji fewralda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Milli Liderimiziň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň sirk sungatynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Türkmen sirk sungatynyň ösüşinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy esasynda döredildi. Toparyň dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolandygyny bellemek gerek.
...Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada badalga aldy. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary Akhan we Aba Annaýew şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine tarap ugradylar. Ýörişiň öňüni ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagy bolan atlylar çekdi.
Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen, sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Arkadag şäheriniň durnukly ösüş, ekologik taýdan arassalygy, innowasion çözgütleri üçin halkara güwänamalardyr baýraklaryň birnäçesine mynasyp bolmagy hem bu iri şähergurluşyk taslamasynyň ýokary derejede durmuşa geçirilendigine şaýatlyk edýär. Täze şäherde milli binagärligiň iň gowy däpleri şähergurluşyk hem-de dizaýn boýunça häzirki zaman ýörelgeleri sazlaşykly utgaşýar. Onuň bezeg işlerinde behişdi ahalteke bedewleriniň şekiliniň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu ýerde Akhan atly bedewiň heýkeliniň ýerleşdirilmegi Arkadag şäheriniň şu günki we geljekki bedew batly ösüşlerini alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň seýislän Akhan bedewiniň üstünligi ahalteke atlarynyň şöhratyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bu bedewiň iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralygy 4,19 sekuntda geçmegi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi şondan ozalky iň gowy netijeden iki esse ýokarydyr. Akhanyň bu üstünligi türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly yhlasynyň, seýisçilik tejribesiniň ajaýyp netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda Akhany «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat bermegi toparyň täze üstünliklerine ýol açdy. Akhan bu topar bilen ençeme ýurtlarda çykyş edip, halkara festiwallaryň baş baýraklaryny gazanmaga mynasyp goşant goşdy.
Häzirki wagtda halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda behişdi bedewleri köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we seýislemek baradaky köpasyrlyk däplerini aýawly saklamak, öwrenmek, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlygy bolmak bilen, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi. Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini, zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda hyjuwly zähmet çekipdirler. Bedewleriň ajaýyp ahalteke tohumynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmakda, milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmekde, olary ösdürip ýetişdirmekde uly işleri bitiren halk seçgiçileriniň, ussat seýisleriň atlary ebedileşdirilýär. Şeýle şahsyýetleriň biri hem Aba Annaýewdir. Onuň atşynaslyk sungatyny ösdürmekde we bu sungatyň gadymy däplerini nesilden-nesle geçirmekde bitiren hyzmatlary örän uludyr. Aba Annaýew öz işiniň hakyky ussady bolup, saýlama bedewleriň köp sanlysyny ösdürip ýetişdirdi we seýisledi. Halypa seýsiň adynyň Arkadag şäheriniň esasy şaýollarynyň birine, şeýle hem «akylly» şäherdäki Halkara atçylyk akademiýasyna dakylmagy ýurdumyzda zehinli seýislere, halypalara goýulýan çuňňur hormatdan nyşandyr.
...Ýol ugrunda Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, edara-kärhanalaryň işgärleri, talyplar toparyň agzalaryny mübäreklediler. Şeýle hem dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň öňündäki meýdançada il sylagly ýaşulular, halypa atşynaslar garşy aldylar hem-de gazanan uly üstünlikleri bilen gutladylar.
Göroglynyň adyny göterýän döwlet atçylyk sirki hem şäheriň binagärlik keşbine özboluşly bezeg berýär. Onuň nal şekilinde gurlan binasy dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýörite enjamlardyr tehnologiýalar bilen üpjün edildi. 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen atçylyk sirki gysga wagtyň içinde şäheriň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.
Dabaranyň hormatyna bu ýerde medeniýet, sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň howandarlygynda neşir edilýän “Arkadag” gazetiniň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň taryhy üstünligine bagyşlanan nobatdaky sany gazetiň okyjylary üçin özboluşly sowgat boldy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, Koreýa Respublikasynyň işewürleri gatnaşdylar.
Çäräniň başynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary sahna çagyryldy. Ýurdumyzyň bu meşhur topary Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda Baş baýraga, ýaş ýetginjek eminleriň, Italiýanyň sirkiniň, festiwalyň tomaşaçylarynyň, Hindistanyň sirkiniň baýraklaryna hem-de Monte-Karlo 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň şahadatnamasyna mynasyp boldy. Soňra dabara gatnaşyjylara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşygyndaky Gutlagy ýetirildi.
Milli Liderimiz toparyň agzalaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň dünýä ýurtlary, şol sanda Monako Knýazlygy bilen medeni hyzmatdaşlygy giň gerim bilen ösdürýändigini, milli atçylyk sportuny ilerletmek ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşmagynyň türkmen halkyny diýseň buýsandyrandygyny, behişdi bedewlerimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda halkymyzyň ýakyn syrdaşy bolmak bilen, ýurdumyzyň ösüşleriniň beýanyna öwrülendigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ata-babalarymyzyň «At — myrat», «Atym bar — ganatym bar» diýen parasatly sözleri halkymyzyň behişdi bedewlerine goýýan hormatyndan nyşandyr. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, baş sanyny artdyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda döredildi. Toparyň işi bu günki günde has-da kämilleşdi. «Galkynyş» toparynyň agzalary ahalteke bedewlerinde çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýärler. At üstünde täsin oýunlary görkezýärler. Gahryman Arkadagymyz bu toparyň ençeme halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara mynasyp bolandygyny, dünýäniň çar künjünde türkmen tuguny belende göterendigini, dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda 5 gezek baş baýraga mynasyp bolup, dünýä çempiony diýen belent derejä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. “Ynha, bu gün hem Monte-Karlo şäherinde geçirilen sirk sungatynyň halkara festiwalynda türkmen tuguny belentde parladyp, Baş baýraga mynasyp bolduňyz. Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýdyňyz. Siziň geljekde hem halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, milli atçylyk sungatymyzyň şan-şöhratyny beýgeltjekdigiňize berk ynanýaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Galkynyş» toparynyň agzalaryny täze ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda gazanan uly üstünligi — beýik ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Gutlag bilen ýüzlendi.
Döwlet Baştutanymyz toparyň agzalaryny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan uly üstünligi, ýagny Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. “Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde sirk sungaty yzygiderli ösdürilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda sirk sungaty has-da kämilleşdirildi. Häzirki döwürde milli sirk sungatynyň gerimini giňeltmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar” diýip hormatly Prezidentimiz belledi hem-de bu ugurdaky işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde at üstünde oýnalýan milli oýunlary kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredildi. Munuň özi ýurdumyzda sirk sungatynyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyna abraý goşýar.
«Galkynyş» toparynyň türgenleri diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýäniň ençeme döwletlerinde geçirilýän halkara bäsleşiklerde baş baýraklara mynasyp bolup, türkmen tuguny belende galdyrdylar. Sirk dünýäsiniň iň meşhur bäsleşigi hasaplanýan Monte-Karlo sirk sungaty festiwalynda hem bu topar täsin çykyşlary bilen tomaşaçylary we emin agzalaryny haýran galdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz festiwalda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Baş baýraga hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagynyň ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göteren şatlykly waka bolandygyny belläp, toparyň agzalaryny bu uly üstünlik bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Dabaranyň dowamynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul sowgady gowşuryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan topara 3 million manat möçberinde pul sowgady gowşuryldy.
Toparyň agzalary halkara derejede geçirilýän şeýle iri ýaryşlara gatnaşyp, türkmen milli sirk sungatyny dünýä ýaýmaga, döredijilikli işlemäge döredilýän şertler hem-de zähmetine berlen ýokary baha üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, özleri hakynda edilýän aladalaryň olary has-da netijeli zähmet çekmäge, ajaýyp ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny mundan beýläk-de dünýä ýaýmak işine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýandygyny bellediler.
Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy S.Pygyýewe “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permany okaldy. Şeýle-de “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlük dynç alyş ýollanmasy, sport egin-eşikler toplumy, döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän enjamlar toplumy, ajaýyp türkmen halysy sowgat hökmünde gowşuryldy.
Soňra sirkiň sahnasynda şu günki dabara mynasybetli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy, sirk tomaşasy görkezildi.
«Galkynyşyň» oglan-gyzlarynyň bedewlere ussatlyk bilen erk edip, at üstünde ýerine ýetirýän dürli tilsimleri milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Toparyň çykyşy ilkinji pursatlardan tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Olaryň çykyşlarynyň hemişe uly gyzyklanma döredýändigini bellemek gerek. Olarda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirip, tomaşanyň täsirliligini artdyrýar. Bu bolsa toparyň agzalarynyň öz işinde ussatlyk derejesine ýetendigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Toparyň bu gezekki täsin çykyşlary hem şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary milli sungatymyzy dünýäde giňden tanatmaga uly goşant goşmak bilen bir hatarda, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň derejesini belende göterýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän artistleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Şeýlelikde, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek babatda başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
***
Şol gün «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara baýraklara eýe bolmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň «Märkaw» myhmanhanasynda aýdym-sazly dabara hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi