Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
01.02.2025

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şäherde gurluşyk işlerine gatnaşýan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdy.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, yzygiderli tagallasy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryndaky işler döwrüň talabyna laýyk derejede dowam edýär. Bu ýerde gurulýan we durky täzelenýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna, gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.

Ir säher bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary bilen milli binagärlik ýörelgelerini utgaşdyrmak arkaly bina edilen Arkadag şäherine geldi. Dünýä ähmiýetli forumlaryň we maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülen, binagärlik, ekologik derejesi boýunça köp sanly halkara güwänamalara mynasyp bolan Arkadag şäheri belent ösüşleri nazarlaýar. Onuň keşbinde ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, Arkadag şäheriniň ýeten derejesi öz beýanyny tapýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow şäheriň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalarda oturdylmaly şekiller barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna, bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine möhüm üns berilýär.

Milli Liderimiz bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän seýilgähler toplumynda oturdyljak şekilleriň görnüşlerini synlap, olara birnäçe belliklerini aýtdy we şekillere degişli düzedişleriň girizilmelidigini tabşyrdy. Munuň özi dynç alýanlaryň wagtlaryny şatlykly geçirmeklerinde, seýilgähiň bezeg aýratynlyklarynyň häzirki döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelmeginde ähmiýetlidir. Şunda ýerli tebigy aýratynlyklaryň göz öňünde tutulmagy, ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şunuň bilen baglylykda, täze şäheriň çäginde alnyp barylýan işler häzirki zaman ylmynyň gazananlary we milli binagärlik ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmalydyr.

Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän durmuş we önümçilik maksatly binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa taýýarlanylan taslamalar, durky täzelenýän desgalarda alnyp barylýan işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdiler. Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Arkadag şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän sil suw akabasynyň üstünden geçýän köpriniň we onuň germewleriniň görnüşleri, seýilgähiň şekil taslamasy, Gökdepe şaýolunyň ugrundan üstaşyr geçýän, durky täzelenýän köp zolakly köpriniň şekil taslamalary, bu desganyň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri, awtobus duralgasynyň taslamasy bar.

Hormatly Arkadagymyz şekil taslamalary we desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzedişleri girizdi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çägindäki gurluşyk işleriniň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeginiň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna aýratyn ähmiýet berilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi. Köpriniň we beýleki desgalaryň sütünleri, germewleri, olaryň bezeg serişdeleri, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri şu günüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Şäherde ilatyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi, binalaryň berklik babatda bildirilýän talaplara, ýokary hil derejesine laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny belläp, Milli Liderimiz bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň mynasyp bolan halkara baýraklaryna we güwänamalaryna laýyk derejede ösdürilmelidigini, şäheriň ähli düzümleriniň, gulluklarynyň sazlaşykly işini ýola goýmak bilen bagly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň depginini ýokarlandyrmak, onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli arassaçylyk, abadanlaşdyryş işlerini talabalaýyk ýerine ýetirmek meseleleri häzirki döwrüň möhüm talaby hökmünde kesgitlenendir.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Arkadag şäherindäki bölümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Degişli bölümleriň ýolbaşçylary häzirki döwürde gözegçilik edýän gulluklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny abraý bilen ýerine ýetirmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdiler. Hasabatlarda Arkadag şäherinde kanunçylygy berk berjaý etmek, tertip-düzgüni pugtalandyrmak, ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň netijeleri barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, harby we hukuk goraýjy bölümleriň täze şäherdäki ýolbaşçylary degişli düzümleriň gulluklary bilen bilelikde iş alyp barýarlar.

Gahryman Arkadagymyz hasabatlary diňläp, Arkadag şäherinde tertip-düzgüni berjaý etmek babatda alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmaýandygyny, harby we hukuk goraýjy bölümleriň işgärleriniň ýerine ýetirýän işlerine gözegçiligiň gowşadylandygyny belläp, olaryň guramaçylyk derejesine nägilelik bildirdi. Aýratyn-da, şäheriň çäklerinde düzgün-tertibiň berjaý edilişine gözegçilik etmeli gulluklaryň wekilleri bu işleri ünsden düşürdiler. Şeýle hem ýol-ulag düzümine degişli we beýleki gulluklaryň işi häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmeýär. Bular barada aýtmak bilen, Milli Liderimiz degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna gözegçilik edýän gulluklarynda ýol berlen kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi we işleri sazlaşykly ýola goýmagy tabşyrdy. Gahryman Arkadagymyz: “Watan öňündäki kasamyňyza wepaly bolup gulluk etmegiňizi hemmäňizden talap edýärin. Eger-de borjuňyzy ýerine ýetirmeseňiz, onda siziň özüňiz harby we hukuk goraýjy edaralar bolup düzgün-nyzamyňyzy ýerine ýetirmändigiňiz barada degişli temmiňizi alarsyňyz” diýip, olara berk tabşyryk berdi.

Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýan Koreýa Respublikasynyň “Korea Meditech Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny hem-de Ýaponiýanyň Koreýadaky “Sumitomo” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi.

Gahryman Arkadagymyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belläp, Balkan welaýatynyň Gyýanly we Garabogaz şäherçelerinde amala aşyrylan taslamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn netijesidigini aýtdy. Ýurdumyzda işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterine degişli binalaryň gurulmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, lukman Arkadagymyz bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini belledi.

Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmak we gurmak boýunça oňyn tejribe toplan kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki döwürde bu kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Arkadag şäherinde meýilleşdirilen taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň özleri üçin uly mertebedigini nygtady we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

“Sumitomo” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşygyň dowamynda özlerine bildirilen ynam üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň ugurdaş kompaniýasynyň wekilleri bilen sazlaşykly işläp, kesgitlenen taslamanyň ýokary derejede amala aşyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Şeýle hem ol dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga örän şatdygyny nygtady.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini, türkmen tebigy gazynyň arassalyk babatda halkara ekologik talaplara laýyk gelýändigini belläp, lukmançylyk serişdelerini öndürmek üçin niýetlenen çig malyň hil derejesiniň örän ýokarydygyny nygtady. Türkmenistanda ekologik taýdan arassa, saglygy goraýyş babatda ähmiýetli ýod önümçiliginiň, buýan köküni taýýarlamagyň talabalaýyk alnyp barylýandygyna ünsi çekip, lukman Arkadagymyz bu önümlere halkara giňişlikde uly isleg bildirilýändigini aýtdy. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda öndürilýän serişdeleriň ekologiýa we hil babatda ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasterine degişli binalaryň enjamlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu ugurdaky işleriň ylmyň ýokary gazananlary, täzeçil tehnologiýalar esasynda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň iki tarap üçin hem ähmiýetli boljakdygyny we gatnaşyklaryň ykdysady taýdan bähbitlidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hyzmatdaş kompaniýalar bilen tutuş dünýä ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigine ünsi çekdi. Şeýle-de ýerine ýetirilýän gurluşyk we enjamlaşdyryş işleriniň ýokary hil derejesine eýe bolmagy, ornaşdyrylýan enjamlaryň häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmalydygy aýdyldy. Şunda Arkadag şäheriniň ýolbaşçylary bilen bilelikde iş alnyp barylmalydygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz hyzmatdaş kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine geldi. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyz soňky ýyllarda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galýandygyny aýratyn belledi. Şunda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Hanbeg atly bedewe atlanyp, sirkiň manežinde öwrüm etdi. Bu görnüşler türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň berkarar bolmagy we dünýäde giňden ykrar edilmegi ugrunda tagalla edýän alym Arkadagymyzyň behişdi bedewlere goýýan hormatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäde meşhurlyk gazanyp, türkmen tugunyň belende galmagyna, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakoda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. Gahryman Arkadagymyz täze şäherde ajaýyp ýeňşiň şanyna tutumly toýlaryň dabaralandyryljakdygyny belläp, toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri, ajaýyp ýeňişleri arzuw etdi.

Dünýäde uly abraýa mynasyp bolan toparyň agzalary ahalteke bedewleriniň baş sanynyň artdyrylmagy, ýurdumyzda atçylyk sportunyň we sirk sungatynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar. Şeýle-de olar milli atçylyk sportunyň has belent derejelere göterilmegi babatda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerden Arkadag şäheriniň jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenen tehnikalaryň ýanyna geldi. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde arassaçylygy we abadanlaşdyryş işlerini ýerine ýetirmek üçin satyn alyp beren täze tehnikalary şäheriň çäklerinde arassaçylyk hyzmatlaryny doly üpjün etmäge ukyplydyr. Tehnikalarda oturdylan enjamlar arassaçylygy ýokary derejede saklamaga, köçeleri we desgalaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmaga ýardam berer. Sanly ulgam arkaly enjamlaşdyrylan tehnikalar şäheriň köçelerini arassalamakda, degişli abadanlaşdyryş işlerini geçirmekde dünýäde öňdebaryjylar hasaplanýar. Milli Liderimiz bu tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagynyň şäherde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etjekdigini belläp, döwrebap tehnikalara aýawly çemeleşip, olary netijeli işletmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi