Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň hili gowulandyrylýar
01.02.2025

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow sarp edijileri nebit önümleri bilen üpjün etmek boýunça hyzmatlaryň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda täze ýaşaýyş toplumlaryny, senagat zolaklaryny, dürli önümçilikleri döretmek babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer nebit önümleri bilen sarp edijilere hyzmat edýän nokatlary has-da artdyrmak üçin netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda içerki sarp edijileri hem-de üstaşyr geçýän ulaglary ýangyç serişdeleri bilen üpjün etmek babatda döwrebap hyzmatlaryň ýola goýulýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz sarp edijilere edilýän hyzmatlary has-da gowulandyrmak maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi