Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝHHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy tassyklanyldy
01.02.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 31-nji ýanwarda geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.

Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şolaryň hatarynda ÝHHG hem bar. Bu gurama bilen gatnaşyklar dürli ugurlary öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dowamynda ÝHHG-niň esasy düzüm birlikleriniň çäklerinde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny öňe sürmek boýunça degişli işleriň geçirilendigi bellenildi. Ýerine ýetirilen işleriň netijelerini jemlemek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Malta Respublikasynyň Walletta şäherinde gurama agza ýurtlaryň her ýylda geçirilýän geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky maslahaty boldy. Onuň dowamynda Türkmenistanyň halkara we sebit derejesinde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary beýan edildi. Şunda halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk syýasatynyň mümkinçiliklerini ulanmagyň zerurdygy aýratyn nygtaldy. Şeýle-de ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny bilelikde dabaraly bellemek, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini bu guramanyň gün tertibine girizmek teklip edildi.

Hasabatyň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde 2025-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleriň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýyl taslamalaryň 40-syny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen taslamalar amala aşyrylar. Şeýle-de ykdysady we ekologiýa ugurlarynda birnäçe taslamalary durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, ekologik howpsuzlygy berkitmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleriň çözülmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly birnäçe taslamalar meýilleşdirildi. Olaryň çäklerinde ylym we bilim, adam hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň binýadyny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ulgamlarynda degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biriniň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi