Halkymyzyň zenanlara hormat goýmak ýaly ajaýyp ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kämilligiň täze basgançaklaryna göterildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň ozaldan gelýän ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny ösdürmek, milliligimize daýanmak, eneleriň, zenanlaryň ýaşaýyş-durmuş derejelerini has-da gowulandyrmak, olara Watanymyzyň daýanjy boljak ýaş nesli kemala getirmekde, perzentlerine milli ruhda terbiýe bermekde ähli şert-mümkinçilikleri döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine biz zenanlaryň arasynda geçirilýän maslahatlaryň, bäsleşikleriň we beýleki çäreleriň mysalynda hem göz ýetirýäris. Şeýle çäreler geçen hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda biri-birine ulaşdy.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de welaýat zenanlar bölüminiň birleşen tagallasy bilen «Ösüşleriň belentliklerine beslenen täze döwrüň buýsançly zenanlary» ady bilen geçirilen okuw maslahaty Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny dabaralandyrmagy hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ilkinji guramalarynyň işini kämilleşdirmegi, şeýle-de Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümleriniň tertipnamalaýyn işlerine seljerme bermegi maksat edindi. Okuw maslahatynyň çäklerinde Awazadaky «Hazar» myhmanhanasynda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda, Türkmenbaşy şäherindäki «Tagam» toý mekanynda geçirilen maslahatlar, aýdym-sazly çäreler, Hazar deňzinde guralan gämili gezelenç we deňziň kenaryna guralan gezelençler olara gatnaşanlarda unudylmajak täsirleri galdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary», Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaplaryna bagyşlanan, şeýle-de «Berkarar döwletde bagtyýar zenanlar» we «Ene kalbynyň owazy» atly aýdym-sazly dabaraly çärelerde mährem zenanlar öz ýürek buýsançlaryny çykyşlarda, goşgularda, gazallarda beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň saýasynda zenanlara goýulýan sylag-sarpa barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Özleri hakynda edilýän aladalar mährem zenanlaryň ruhuny has-da belende göterýär. Olary dürli ugurlarda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Munuň şeýledigini geçirilen çäreler ýene bir ýola subut etdi. Zenanlar guramasynyň işjeň agzalaryny, önümçiligiň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekmegiň nusgasyny görkezýän zenanlaryň edep-ekramlylygyny, mähremligini, maşgala mukaddesligine wepalylygyny we alyp barýan işlerini açyp görkezen çärelerde zenan sarpasyny has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyşlar zenan bagtyýarlygyň şirin mukamy bolup ýaňlandy.
Çeşme: Türkmenmetbugat