Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri maslahatlaşyldy
31.01.2025

29-njy ýanwarda Monako Knýazlygynyň hökümet binasynda Fransiýadaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew bilen Monakonyň Daşary aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk ministrliginiň Diplomatik we konsullyk gatnaşyklar departamentiniň direktory Mari-Katrin Karuzo-Raweranyň duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, dürli pudaklar boýunça özara gatnaşyklary pugtalanrdymaga aýratyn üns berdiler.

Monte-Karlonyň 47-nji Halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagy maslahatlaşmalaryň aýratyn mowzugy boldy. Bu waka Monakonyň medeni durmuşynyň ajaýyp pursatlarynyň biri bolup, giň seslenmä eýe boldy.

Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adydaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Şa zenany Greýs we Şazada Alber II gaznalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada maslahatlaşyldy. Iki tarap hem ynsanperwer ugurda, çagalara hemaýat bermek boýunça durmuş maksatnamalary we olara goldaw bermek babatda, şeýle hem anyk başlangyçlar boýunça bilelikdäki işe taýýardyklaryny beýan etdiler.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi