Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda Altyn baýraga mynasyp boldy
22.01.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynda saparda bolýan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ajaýyp netijesidir.

1974-nji ýylda esaslandyrylan festiwal dünýäniň sirk sungatynyň iň abraýly we ähmiýetli çäreleriniň biridir. Ol her ýyl Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilýär. Sirk sungatynyň meşhurlygyny artdyrmak, onuň däplerini dowam etdirmek, tutuş dünýäde zehinli artistleri ýüze çykarmak festiwalyň esasy maksatlarynyň biridir. Bu giň gerimli çäre sirk sungatyny ösdürmäge, dürli ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär. Festiwal Monte-Karlonyň merkezinde gurnalýan ýörite sirk çadyrynda geçirilýär. Artistler sirk sungatynyň dürli žanrlarynda çykyş edýärler. Ýurdumyzyň meşhur toparynyň şeýle abraýly halkara ýaryşa çagyrylmagy Türkmenistanda sirk sungatynda ýetilen sepgitleriň dünýäde ykrar edilýändigini görkezýär.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, dünýäde giňden wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda sungatyň dürli ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatynyň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda milli sirk sungaty täzeden dikeldildi hem-de 2010-njy ýylyň aprelinde Türkmenistanyň Döwlet sirki gaýtadan işläp başlady. Munuň özi häzirki zaman türkmen sirk sungatyny ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boldy.

“Galkynyş” toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän akrobatika we gimnastika tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly aýratynlygydyr. Ýeri gelende ýatlasak, bu topar 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredildi.

Ýurdumyzyň sirk sungatynyň ösüşinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, şol sanda 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «IDOL» bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II Halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II bütindünýä oýunlarynda Baş baýraklara mynasyp boldy. Bu toparyň 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde ilkinji gezek geçirilen Fontankadaky I Halkara sirk sungaty festiwalynda «Altyn Gaetano» altyn heýkeljigine mynasyp bolmagy Türkmenistanyň halkara sport abraýyny belende göteren şatlykly waka boldy.

Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem örän meşhur bolan “Galkynyş” milli mirasymyzy Ýer ýüzünde giňden tanatmaga uly goşant goşýar hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan dabaralarda, şanly seneler mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde çykyş edip, olaryň ähmiýetini we derejesini belende göterýär. Ajaýyp bedewleriň gözelligi, çeýeligi, çapyp barýan atyň üstünde dürli çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän ýigitleriň ussatlygy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Onuň düzüminde atçylyk, atçylygyň weterinariýasy, atly sport, syýahatçylyk we milli at üstündäki oýunlar, oba hojalygynyň ykdysadyýeti fakultetleri bar. Akademiýa öňdebaryjy enjamlar, ýörite okuw serişdeleri, umumy, tejribe, amaly sapaklary geçmäge, ylmy-barlag işlerini alyp barmaga niýetlenen innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem bu şäherde halkara ölçeglere laýyk gelýän Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi hereket edýär. Arkadag şäherinde 1500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem bar. Sanly ulgam we häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap desgada sirk ussatlarynyň çykyş etmekleri üçin ähli mümkinçilikler bar.

Gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni haýrana goýýan bedewleri seýislemek tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini we zehini talap edýär. Merdana pederlerimiz bu ugurda hyjuwly zähmet çekipdirler. Bedewleriň ajaýyp ahalteke tohumynyň kemala getirilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaplarynda ýelden ýüwrük bedewler barada söhbet açýar.

Türkmenistanda meşhur behişdi bedewleriň milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, baş edarasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu gurama dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary hem-de ganatly bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, mazmunyny täze bilelikdäki taslamalar hem-de işewürlik gatnaşyklary bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär.

...Ine, Monakonyň Monte-Karlo şäherinde indi 47-nji gezek geçirilýän sirk festiwalynyň çäklerinde-de halkara we bütindünýä festiwallarynyň ençeme gezek ýeňijisi «Galkynyş» toparynyň dürli öwüşginli çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Toparyň çykyşlaryna hemişe uly höwes bilen tomaşa edilýändigini bellemek gerek. Olaryň çykyşlarynda çeýelik, gözellik hem-de ussatlyk bir bitewi sazlaşygy emele getirip, çykyşlaryň täsirliligini artdyrýar. Bu bolsa toparyň agzalarynyň öz işinde ussatlyk derejesine ýetendigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Toparyň ýerine ýetirýän täsin tomaşasy üýtgeşik hem-de batyrgaý, töwekgelçilikli tilsimlerden ybarat bolup, bu ajaýyp görnüşler tomaşaçylary haýrana goýýar. At üstündäki oýunlar akrobatikany, gimnastikany we dressurany özünde jemlemek bilen, artistlerden köptaraply ussatlygy talap edýär. Bu sungatyň däpleriniň nesilden-nesle geçirilip gelinmegi netijesinde türkmen milli at üstündäki oýunlary dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar.

Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň seýislän Akhan atly bedewiniň üstünligi ahalteke bedewleriniň şöhratyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan atly bedewiň iki aýagynyň üstünde çarpaýa galyp, 10 metr aralyga görkezen netijesi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Akhan 10 metr aralyga 4,19 sekunt wagt sarp edip, şondan ozalky iň gowy netijäni iki esse gowulandyrdy. Akhanyň görkezen ýokary netijesi Milli Liderimiziň ägirt uly yhlasynyň, seýisçilik tejribesiniň ajaýyp netije berýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylda Akhany “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat bermegi şöhratly bedewiň täze üstünliklerine ýol açdy. Akhan dünýä belli bu topar bilen ençeme ýurtlarda çykyş edip, halkara festiwallaryň baş baýraklaryny gazanmaga mynasyp goşant goşdy.

...“Türkmen milli at üstündäki oýunlary” diýen çykyş ilkinji pursatlardan tomaşaçylaryň ünsüni çekdi. Ajaýyp ahalteke bedewleri, artistleriň milli lybaslary, atlylaryň sazlaşykly hereketleri, bedewleriň aýlaw boýunça hereketiniň tizligi, iň çylşyrymly tilsimleriň ýerine ýetirilişiniň ýokary derejesi tomaşaçylarda uly täsirleri galdyrdy. “Galkynyş” toparynyň agzalary ajaýyp çykyşlary bilen nobatdaky gezek tomaşaçylary haýran galdyrdylar. Olar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Owadanlykda deňi-taýy bolmadyk behişdi ahalteke atlarymyzyň ýyndamlygy, çeýeligi bu ýere ýygnanan sirk sungatynyň muşdaklaryna ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady.

Şeýlelikde, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan bu üstünligi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportyny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi