Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Ukrainanyň hem-de Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplügi, pagta süýümi, flanel matasy, buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 129 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin nebit bitumyny we polipropileni, (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem nah ýüplügini, boýalan tüýjümek önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 38 million 187 müň manada deň boldy.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi