Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler girizildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagyndaky edara-kärhanalarda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz toplumyna degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar we has oňaýly iş şertleri döredilýär. Munuň özi pudakda zähmet çekýän işgärleriň has netijeli işlemegini üpjün etmäge, zähmet öndürijiliginiň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň edara-kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, pudakda zähmet çekýänler üçin amatly iş şertleriniň döredilýändigini aýtdy hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi