Düýn Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň binasynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda öňden gelýän hyzmatdaşlary bolan Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) hem-de Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali» döwlet nebitgaz kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda Türkmenistanyň we degişli kompaniýalaryň arasynda nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary, täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklarda türkmen tarapy myhmanlara ýurdumyzyň ýangyç-energetika ulgamynda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändikleri üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalary bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumy bilen Abu-Dabiniň hem-de Malaýziýanyň kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy.
Myhmanlar Türkmenistana sapar bilen gelip, degişli ugurlar boýunça öz türkmen kärdeşleri bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, wekilçilik edýän kompaniýalarynyň häzirki wagtda türkmen bazarynda alyp barýan işleriniň ýagdaýy we meýilleşdirýän taslamalary barada gürrüň berdiler. Netijeli we işjeň ýagdaýda geçen duşuşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlaryna garaldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda energiýa serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylmagyna we ösdürilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Şunda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalaryň ulanylmagy möhüm wezipe hökmünde kesgitlenildi.
Daşary ýurtly wekiller bilen yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklar daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda Birleşen Arap Emirlikleriniň we Malaýziýanyň işewür düzümleriniň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda işlenip taýýarlanylan taslamalaryň hem-de degişli ulgamda özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini görkezdi.
Çeşme: Türkmenmetbugat