Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä degişli pudagyň ýolbaşçylary we hormatly myhmanlar gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň çykyşlarynda, ilki bilen, şeýle ajaýyp kitaby sowgat edendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk we alkyş sözleri aýdyldy.Täze kitabyň ilkinji sahypalarynda Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň” hem-de Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilipdir. Kitabyň mazmuny “Magtymgula düşünmegiň açary”, “Magtymguly Pyragy mekdebi we türkmen magtymgulyşynaslary”, “Pähim-paýhas ummany”, “Parahatçylygyň şahyry”, “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň şahyry”, “Halk ýadyndan aýrylma”, “Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bilen bagly kabul edilen resminamalar, gutlaglar we çykyşlar” we “Hakyň hem hakykatyň ýolunda” atly bölümleriň sekizisinde beýan edilýär. Kitap ýokary çaphana usulynda neşir edilip, üç dilde — türkmen, rus we iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi.
Çäre medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-saza beslenen joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Aýdymdyr sazlarda hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň gülläp ösüşi wasp edildi. Şeýle hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.