Penşenbe güni, 2-nji ýanwarda birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan döwletiniň işewürleri «Türkmennebit» Döwlet konserninden suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Içerki bazarda ýerli işewürler «Türkmennebit» Döwlet konserninden “SN-600” kysymly başlangyç ýagyny we Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginden nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 802 750,00 ABŞ dollaryna we 7 165 000,00 manada deň bolan 4 geleşik baglaşyldy.
çeşme: Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy